Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.
Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.
Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.
Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.
Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.