Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 7:21 - Mukaddes Kitap

21 Sen gul wagtyň çagyryldyňmy? Goý, bu seni biynjalyk etmesin. Ýöne azat bolup bilýän bolsaň, pursady elden giderme.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Сен гул вагтың чагырылдыңмы? Гой, бу сени биынҗалык этмесин. Йөне азат болуп билйән болсаң, пурсады элден гидерме.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 7:21
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Kim haýsy halda çagyrylan bolsa, şonda-da galsyn.


Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Men muny nämedir bir zada mätäç bolanym üçin aýtmaýaryn. Sebäbi her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrenendirin.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ