Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 7:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Йөне хер нәхили болса-да, хер кес Реббиң оңа беллейши ялы, Худай оны хайсы халда чагыран болса, шоңа гөрә-де яшасын. Мен муны хемме йыгнаклара буюрярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 7:17
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Käbir adamlar dogabitdi agtadyrlar, käbirleri bolsa adamlar tarapyndan agta edilendir. Başga birleri bolsa Gögüň Şalygynyň hatyrasyna hiç kim bilen birleşmeýär. Muny kabul edip bilen kabul etsin» diýdi.


Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.


Eger bu mesele babatda jedel etmekçi bolýan kişi bar bolsa, şuny diýýärin: biziň we Hudaýyň ýygnaklarynda aýallaryň baş örtmegi adatdyr.


Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,


Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Eger kimdir biri sünnetlikä çagyrylan bolsa, goý, sünnetliligini sünnetsizlige öwürjek bolup azara galmasyn. Eger kimdir biri sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenjek bolmasyn.


Eý, doganlar, her kes Hudaý tarapyndan nähili halda çagyrylan bolsa, goý, şol halda-da galsyn.


Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir.


Bulardan başga-da, ähli ýygnaklar baradaky gaýgy-aladalar günde üstümi basmarlaýar.


Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr.


Isa Mesihiň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklary meniň hut özüm bilen tanyş däldiler.


Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.


Biz Hudaýyň ýygnaklarynyň arasynda siz babatda magtanýarys. Sebäbi siz yzarlanyp, görgi baryny görseňiz-de, imanda berk durup, olaryň ählisine çydaýarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ