Emma Men size diýýärin, aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir.
Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn.
Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.