Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 6:19 - Mukaddes Kitap

19 Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эйсем сиз өз бедениңизиң Мукаддес Рухуң яшаян ыбадатханасыдыгыны билмейәрсиңизми? Сиз бу Рухы Худайдан алдыңыз. Сиз диңе өзүңизиңки дәлсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 6:19
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadada şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».


Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.


Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.


Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly.


Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.


Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok!


Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ