Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 6:15 - Mukaddes Kitap

15 Eýsem siz öz bedeniňiziň Isa Mesihiň bedeniniň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Indi Mesihiň agzasyny alyp, ony bir loly bilen birikdireýinmi? Asla etmen!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эйсем сиз өз бедениңизиң Иса Месихиң бедениниң агзасыдыгыны билмейәрсиңизми? Инди Месихиң агзасыны алып, оны бир лолы билен бирикдирейинми? Асла этмен!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 6:15
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».


Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.


Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys.


Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.


Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?!


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?


Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.


Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.


Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr.


Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.


Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.


Reb bilen birigen hem ruhda Onuň bilen bir bolar.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok!


Mukaddes Kanun bizi, ýagny Mesih arkaly aklanmakçy bolýanlary hem günäli çykarýar. Onda Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok, bu düýbünden beýle däl!


Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr.


Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir.


Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ