Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».
Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.
Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.
Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.