Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 6:13 - Mukaddes Kitap

13 Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Сиз: «Нахар гарын үчин, гарын-да нахар үчиндир. Худай оларың икисини хем ёк эдер» дийип догры айдярсыңыз. Эмма беден азгынчылык үчин дәл-де, Реббе хызмат этмек үчин берлендир. Реб хем беденимиз барада алада эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 6:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agza giren her bir zadyň ilki garna baryp, ol ýerden hem daşary çykýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».


Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Ata-babalaryňyz çölde manna iýendiklerine garamazdan, öldüler.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr.


Siz pany teniňiziň günäli höweslerine eýermez ýaly, günäniň öz teniňize höküm sürmegine ýol bermäň.


Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.


Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Eýsem siz öz bedeniňiziň Isa Mesihiň bedeniniň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Indi Mesihiň agzasyny alyp, ony bir loly bilen birikdireýinmi? Asla etmen!


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.


Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.


Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ