Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 6:10 - Mukaddes Kitap

10 ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 не-де огры-җүмрүлер, не бетнебислер, не-де аракхорлар, не пайыш сөгүнйәнлер, не-де кеззаплар – шуларың бири-де Худайың Шалыгыны мирас алмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 6:10
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň öýi ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir.


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýandyr.


Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.


Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir.


Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.


we bahyllyk; serhoşlyk, azgynlyk meýlisleri we şuňa meňzeş zatlardyr. Men size öň duýduryşym ýaly, ýene-de bir gezek duýdurýaryn: kimde-kim şular ýaly ýaşaýan bolsa, Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, başga bir jenaýatçy, ýa şugulçy bolup ejir çekmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ