Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шоңа гөрә, байрамы көне хамырмая: гахар-газап ве пислик билен беллемәлиң. Терсине, оны петир хамыры: пәк йүреклилик ве хакыкат билен белләлиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 5:8
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.


Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa lirada öwgi nagmasyny aýdaryn.


Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Şu ýedi günüň dowamynda öýleriňizde ýekeje-de hamyrmaýa bolmasyn. Kimde-kim hamyrmaýaly zat iýse, ol gelmişek ýa-da ýerli bolsun, ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler.


Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.


Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn.


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.


Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz.


Şägirtler Isanyň özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan goranyň diýýändigine şonda düşündiler.


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.


Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.


Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.


Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?


Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.


Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär.


Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!


Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.


Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz.


Şonuň üçin hem indi siz Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden yhlas bilen gulluk ediň. Siz ata-babalaryňyzyň Ýewfrat derýasynyň aňyrsynda we Müsürde sežde eden hudaýlaryny taşlaň. Diňe Rebbe gulluk ediň.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ