Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 5:7 - Mukaddes Kitap

7 Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Петирлик хамыр болуп билериңиз ялы, көне хамырмаяны айрып ташлаң. Аслында шол петирлик хамыр сизсиңиз! Чүнки бизиң Песах җанлымыз – Иса Месих эййәм гурбан эдилендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 5:7
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär».


Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.


Pesah baýramyna taýýarlyk günüdi. Günortana golaý Pilat ýahudylara ýüzlenip: «Ine, siziň Patyşaňyz!» diýdi.


Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.


Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ