Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Ýöne men şeýle ýazanymda bu dünýäniň adamlaryny: azgynlary ýa-da betnebisleri, kezzaplary ýa-da butparazlary göz öňüne tutmandym. Beýle bolsa, siz bu dünýäni bireýýäm terk etmeli bolardyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Йөне мен шейле язанымда бу дүнйәниң адамларыны: азгынлары я-да бетнебислери, кеззаплары я-да бутпаразлары гөз өңүне тутмандым. Бейле болса, сиз бу дүнйәни биреййәм терк этмели болардыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 5:10
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.


Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.


Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler.


Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.


Isa olara: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bolsa, bu dünýäden däldirin.


Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?


Eger iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyrsa, siz-de gitmek isleseňiz, öňüňizde goýlan zatlary arkaýyn iýiberiň. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň.


Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.


Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Olar bu dünýä degişlidirler, olaryň gepi hem bu dünýäniň garaýşyna laýykdyr, şonuň üçin dünýä olara gulak asýar.


Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ