Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Сизиң араңыздакы азгынчылык барада гүррүң яйрады. Булар ялы азгынлыгы хатда бутпаразлар-да эдйән дәлдир! Сизиң бириңиз өз өвей энеси билен ятып-турярмышын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 5:1
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;


Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.


Suw kimin durnuksyzsyň sen, indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň, çünki sen öz ataň düşegine geçip, ony harama çykardyň.


Şeýlelikde, üçegiň ýokarsynda Abşalom üçin çadyr gurdular. Abşalom bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda kakasynyň gyrnak aýallarynyň ýanyna girdi.


Dawut Iýerusalimdäki öýüne geldi. Öýe seretmek üçin goýup giden on gyrnak aýallarynyň ählisini bir jaýa gabap, olary gorag astyna aldy; olary zerur zatlar bilen üpjün etdi, ýöne ýanlaryna girmedi. Gyrnak aýallar şeýdip, tä ölýänçäler dul ýaly ýaşadylar we gabawdan çykarylmadylar.


Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär.


Sen oýnaşlaryňy gözläniňde, ýoluňy tapmaga nähili ussat! Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň.


Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň.


Olaryň käbiri öz atalarynyň aýaly bilen ýatdy. Seniň içiňde aýal haramka namysyna degildi.


Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma.


Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.


Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.


Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.


Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.


Azgynlykdan gaçyň. Adam her nähili günä etse-de, ol onuň tenine galtaşýan däldir. Emma azgynlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir.


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Meni gamlandyran adam diňe meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede hemmäňizi gamlandyrandyr.


Şunlukda, men şol haty ýazan hem bolsam, ony ne ynjadany ýazgarmak üçin, ne-de ynjadylanyň tarapyny çalmak üçin ýazypdym. Men ony bize edýän yhlasyňyz Hudaýyň huzurynda özüňize-de aýan bolsun diýip ýazypdym.


Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr;


Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.


Ogly öz atasyny namysa goýup, onuň aýallaryndan aýal almasyn.


„Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy.


Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ