Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эй, доганлар! Мен айданларымың барыны сизиң пейдаңыза болсун дийип, өзүм ве Аполло барада айтдым. Шонда сиз гөрелдәмиз аркалы «Языланың чәгинден чыкмаң» дийленине дүшүнип, кимдир бирини бейлекиден ёкары тутмарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:6
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.


Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:


Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?


Şol wagt Apollo atly bir ýahudy Efese geldi. Onuň asly isgenderiýalydy. Gepe çeper Apollo Mukaddes Ýazgylary örän gowy bilýärdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz.


Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Men danalary danalykdan mahrum ederin, akyllylary akyldan aýraryn» diýip ýazylgydyr.


Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».


Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar,


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir:


Siz bolsa öz-özüňize buýsanýarsyňyz! Eýsem siz muňa derek ýas tutup, şeýle iş edýäni araňyzdan aýyrmaly dälmi?


Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin.


Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk!


Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris.


Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Eger magtanmaly bolaýamda-da, akmagyň edişi ýaly etmerin, hakykaty aýdaryn. Emma men magtanmakdan saklanýaryn. Ýogsa kimdir biri meni öz göreninden ýa eşideninden artykmykam öýdäýmesin.


Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ