Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ынсабым пәк болса болуберсин, йөне бу барыбир мени акламаяр. Маңа Реб казылык эдйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?


Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?


Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, ömürboýy paş etmez meni wyždanym.


Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?


Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.


Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy, şindiden asyrlarboýy!


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Duşmanlarymyň eline meni tabşyrma, çünki ýalan şaýatlar çykdy garşyma, olar zalymlygyny pürkýärler maňa.


Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.


Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.


Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi.


Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.


Eger Ybraýym Hudaýyň nazarynda ýagşy işleri arkaly aklanan bolsa, onda, dogrudan-da, öwnüp bilerdi, emma Hudaýyň öňünde däl.


Siziň ýa-da islendik ynsan kazyýetiniň maňa nähili höküm çykarýandygy meni az gyzyklandyrýar. Öz üstümden hatda özüm-de höküm çykaramok.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ