Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.
Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.
Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?
Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.
Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.
Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.