Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:19 - Mukaddes Kitap

19 Hudaý ýol berse, men tizara size barjakdyryn. Şonda olaryň gepini däl-de, güýjüni göräýerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Худай ёл берсе, мен тизара сизе барҗакдырын. Шонда оларың гепини дәл-де, гүйҗүни гөрәерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:19
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi.


Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn.


Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.


Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi.


Häzir bolsa sizi ýöne ýol ugruna görüp geçesim gelenok. Gaýtam, Hudaý ýol berse, ýanyňyzda köpräk bolmagy umyt edýärin.


Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.


Siziň käbirleriňiz men ýanyňyza barmaryn öýdüp, tekepbirlige ýüz urdular.


Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz.


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


Ýöne sizi diňe öz hatlarym bilen gorkuzjak bolýarmykam öýtmäň.


Muňa derek: «Reb oňlasa, ýaşarys, ony ýa-da muny ederis» diýmelisiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ