Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:17 - Mukaddes Kitap

17 Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ине, Тимотеосы шу максат билен яныңыза ибердим. Ол мениң сөйгүли оглум ве Реббиң садык гулудыр. Ол мениң Иса Месихиң йөрелгесине эерйәндигими сизе ятладар. Мен әхли ерде ве хер йыгнакда бу йөрелгә эермеги өвредйәндирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:17
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbet ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.


Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi.


Eger bu mesele babatda jedel etmekçi bolýan kişi bar bolsa, şuny diýýärin: biziň we Hudaýyň ýygnaklarynda aýallaryň baş örtmegi adatdyr.


Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin.


Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,


Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.


Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär.


Men bulary sizi utandyrmak üçin däl-de, size nesihat bolsun diýip ýazýaryn, sebäbi siz meniň eziz balalarym ahyryn!


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn.


Öýlenmedik ýaşlar babatda Rebden alan buýrugym ýok. Ýöne Rebbiň merhemeti arkaly ynamdar kişi hökmünde maslahat berýärin.


Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr.


Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer.


Rebbimiz Isa ýol berse, ýagdaýlaryňyzy bilip ynjalmak üçin, tiz wagtda ýanyňyza Timoteosy ibererin diýip umyt edýärin.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir.


Onuň bilen bile ýanyňyza öz şäheriňizden bolan, sadyk we söýgüli doganymyz Onesim-de barar. Olar size bu ýerde bolup geçýän ähli wakalary gürrüň bererler.


Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş,


Timoteosa dogaýy salam! Eý, Timoteos, sen öz imanyň arkaly maňa hakyky ogul bolansyň. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy saňa ýar bolsun!


Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ