Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Месихиң ёлунда сизиң мүңлерче тербиечиңиз болса-да, аталарыңыз аздыр. Мен Хош Хабар аркалы сизиң Иса Месихдәки атаңыз болдум.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:15
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?


Meniň göwün arzuwym başga biriniň tutan binýadynyň üstünde gurman, Mesihiň ady heniz eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmekdir.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.


Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr.


Men tohum ekdim, Apollo suwardy. Emma ösdüren Hudaýdyr.


Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr.


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.


Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin.


Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.


Şunlukda, biz iman arkaly aklanyp biler ýaly, Mukaddes Kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy.


Biz indi Isa Mesihe iman edýäris. Şonuň üçin-de, biz mundan beýläk Kanunyň gözegçiliginde däldiris.


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Men, Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn: men Onesimiň bergisini bererin. Ýöne sen hem halas bolmagyňa meniň ýardam berendigimi unutma!


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Siz wagtlaýyn tohumdan däl-de, eýsem, ebedi tohumdan, ýagny Hudaýyň diri hem baky galýan sözi arkaly täzeden doguldyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ