Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Men bulary sizi utandyrmak üçin däl-de, size nesihat bolsun diýip ýazýaryn, sebäbi siz meniň eziz balalarym ahyryn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мен булары сизи утандырмак үчин дәл-де, сизе несихат болсун дийип язярын, себәби сиз мениң эзиз балаларым ахырын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».


Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.


Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy?


Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!


Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr.


Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.


Men bulary sizi ýazgarmak üçin aýdamok. Sebäbi ozal hem aýdyşym ýaly, ýüreklerimiziň töründe ornuňyz bardyr, biz ýaşasak-da, ölsek-de bile bolarys.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň.


tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn.


Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.


Meniň üçin perzentlerimiň hakykata eýerip ýaşaýandyklaryny eşitmekden uly şatlyk ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ