Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 4:12 - Mukaddes Kitap

12 Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Биз гара дер дөкүп, зәхмет чекйәрис. Бизе гарганларында, олара ягшылык дилейәрис. Бизи ызарланларында, муңа чыдаярыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 4:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!


Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň.


Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.


Olar hem Pawlus ýaly çadyr tikmek bilen meşgullanýardylar, şonuň üçin Pawlus olar bilen ýaşap, bile işledi.


Siz meniň özümiň we ýoldaşlarymyň mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin, ellerim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň.


Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň».


Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:


Ýa-da men bilen Barnabyň imanlylardan maddy kömegini almaga hakymyz ýokmy?


Men size hyzmat etmek üçin, beýleki ýygnaklardan hemaýat puluny alyp, olary talan ýaly boldum.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.


hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik.


Çünki biz hemme adamlaryň, ylaýta-da imanlylaryň Halasgäri bolan diri Hudaýa bil baglamak bilen, şol wadanyň hatyrasyna zähmet çekip, yhlas edýäris.


Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.


Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.


Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ