Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.
Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.
Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.
Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.