Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.
Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.