Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Аполло ким? Павлус ким? Булар сизиң Иса Месихе иман гетирмегиңизе ярдам берен хызматчылар ахырын. Реббиң беллейши ялы, бизиң херимиз өз ишимизи ерине етирдик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 3:5
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu adam olaryň hersiniň başarnygyna laýyk: birine – bäş, beýlekisine – iki, başga birine bir çuwal altyn-kümüş berip, ýola rowana bolýar.


Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi.


Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.


Şol wagt Apollo atly bir ýahudy Efese geldi. Onuň asly isgenderiýalydy. Gepe çeper Apollo Mukaddes Ýazgylary örän gowy bilýärdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Indi bolsa doganymyz Apollo barada: men oňa doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegi üçin köp ýalbardym. Ýöne onuň edil şu pursat gitmäge meýli ýok. Ol ýanyňyza amatly wagt tapanda barar.


Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr.


Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir.


Şunlukda, eken-de, suwaran-da hiçdir. Diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir.


Eger men muny özüm saýlan bolsadym, onda sylaga tamakin bolardym. Emma muny maňa Hudaý buýurdy.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys.


Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.


Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy.


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara,


Men Hudaýyň beýik gudraty we peşgeş beren merhemeti arkaly Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr.


Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ