Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Бу дүнйә хениз-де сизе өз тәсирини етирйәр, себәби араңызда гөриплик, дава-җенҗел бар. Эйсем булар сизиң дүнйә дегишлидигиңизи аңлатмаярмы? Сиз дүнъеви адамлар ялы херекет этмейәрсиңизми нәме?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 3:3
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.


Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.


Birinjiden, Hudaýyň ýygnagy hökmünde üýşeniňizde, araňyzda agzalalyklaryň bolýandygy baradaky gürrüňler meniň gulagyma degýär. Men muňa az-kem ynanman-da duramok.


Biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», başgaňyz «men Apollonyň şägirdi» diýýärsiňiz. Eýsem şeýle diýmek bilen, dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi?


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Çünki bahyllygyň, men-menligiň bar ýerinde bidüzgünçilikler we her dürli pyssy-pyjurlyklar hem bardyr.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ