Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin.
Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir.
biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.
Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.