Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Гой, хич ким өз-өзүни алдамасын. Эгер кимдир бири өзүни дүнйә өлчегине лайыклыкда дана сайян болса, гой, «акмак» болсун. Шонда ол догрудан-да дана болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 3:18
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.


Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.


Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.


Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň, agzymyň sözlerinden çykmaň.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Özlerini paýhasly, düşünjeli saýýanlaryň dat gününe!


Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler!


Nädip siz muny aýdyp bilýäňiz: „Biz akylly, Rebbiň kanuny bizdedir“? Hakykatda, bu kanuny ýalana öwren hilegär kanunçylaryň galamydyr.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ