Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мен Худайың өзүме берен мерхемети аркалы уссат бинагәр кимин ымаратың бинядыны тутдум. Башга бири болса бинаны гуряр. Йөне хер кес өз гуряны бабатда үнсли болмалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 3:10
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar.


Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy.


Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.


Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.


«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.


Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn.


Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.


Apollo Ahaýa gitmegi ýüregine düwdi. Efesdäki doganlar ol ýerdäki şägirtlere ony oňat garşy almaklaryny sorap, hat ýazdylar. Apollo Ahaýa gelip, Hudaýyň merhemeti bilen iman edenlere uly kömek etdi.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Ýöne şonda-da, size käbir zatlary ýatlatmak üçin, şu hatymyň kä ýerini batyrgaýlyk bilen ýazdym. Çünki Hudaý maňa merhemet edip,


Meniň göwün arzuwym başga biriniň tutan binýadynyň üstünde gurman, Mesihiň ady heniz eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmekdir.


Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez.


Başgalar meni resul hasaplamasalar-da, men siziň üçin resuldyryn! Çünki siz Reb ýolundaky resullygymyň möhürisiňiz.


Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris.


Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Ýaşaýyş ýörelgäňe we öwredýän taglymatyňa üns ber. Bu işleri erjellik bilen amal et. Şonda sen özüňi-de, diňleýjileriňi-de halas edersiň.


Hudaýyň huzurynda öz edýäninden utanmajak, hakyky taglymaty dogry öwredýän işçi hökmünde durup bileriň ýaly, jan-tenden yhlas et.


Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


Şäheriň diwary on iki binýadyň üstünde bina edilipdi, olara Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.


Şäher diwarynyň binýatlary her dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelendi. Birinji binýady ýaşma daşy bilen bezelendi, ikinjisi goýy reňkli pöwrize daşy, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ