Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен вагыз эденимде сизи ынандырмак үчин пайхаслы сөзлери уланмадым. Сизи ынандыран зат Худайың Рухуның аян болан гүйҗүди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 2:4
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.


Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär, süýji dili bilen ýigidi yrýar.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Agrip Pawlusa: «Meni gysga wagtyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesihiň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl.


Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym.


Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.


Çünki Hudaýyň Şalygy sözde däl-de, güýçdedir.


Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi,


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Dördünji gün diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler.


Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ