Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 2:15 - Mukaddes Kitap

15 Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Мукаддес Руха эерйән адам хемме зада баха берип билйәр, эмма башгалар бу адама баха берерден эҗиздир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 2:15
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!»


Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.


Tabşyrygy berjaý edýäne zelel ýetmez; dana adamyň ýüregi haçan näme etmelidigini bilýändir.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.


Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr.


Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.


Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.


Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ