Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Биз булары ынсан даналыгының өвреден сөзлери билен дәл-де, Мукаддес Рухуң өвреден сөзлери билен айдярыс. Биз рухы хакыкаты рухы сөзлер билен дүшүндирйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 2:13
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesihiň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl.


Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.


Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym.


Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Biz araňyzda ruhy zatlary ekip, sizden maddy hasyly orsak, muny juda köp görersiňizmi?


Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ