Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Биз бу дүнйәниң рухуны алан дәлдирис. Биз Худайың Өз мерхемети аркалы бизе эчиленлерине дүшүнеримиз ялы, Худайың Рухуны аландырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 2:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.


Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ygtybarly we çyndyr! Pygamberlerini ylhamlandyrýan Reb Hudaý tiz wagtda boljak wakalary Öz bendelerine görkezmek üçin perişdesini ýollady».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ