Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Бизе болса Худай бу даналыгы Өз Рухы аркалы аян этди. Чүнки Мукаддес Рух әхли зады, хатда Худайың чуң пикирлерине дүшүнйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 2:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.


Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň! Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men, şondan bäri Men şol ýerde». Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.


Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.


Emma diňläp oturanlardan birine Hudaýdan aýanlyk gelse, onda gürläp duran dymsyn.


Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir.


Men ony ynsandan kabul etmedim ýa-da öwrenmedim. Maňa ony Isa Mesihiň hut Özi aýan etdi.


Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Emma size, ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglymatyna eýermedikleriň we ‘şeýtanyň syrlary’ diýilýänleri bilmeýänleriň baryna şuny aýdýaryn: eger imanyňyzy Men gelýänçäm saklasaňyz, siziň üstüňize başga zat ýüklemerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ