Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эй, доганлар, мен сизе Худай барадакы шаятлыгы ыглан этмәге баранымда, дилеварлык я сөз даналыгы билен бармандым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 2:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesihiň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl.


Bu bolsa meniň size Isa Mesih babatda aýdanlarymyň hakykatdygyny tassyklaýar.


Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris.


Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.


Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.


Şonuň üçin-de, Rebbimiz barada şaýatlyk etmäge utanma. Onuň hatyrasyna tussag edilenligimden-de utanma. Tersine, Hudaýyň berýän güýji bilen Hoş Habaryň ugrunda görýän görgülerime şärik bol.


Biz Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberendigini gördük we muňa şaýatlyk edýäris.


Ýohanna hem Hudaýyň Isa Mesih baradaky habaryny, ýagny gören zatlarynyň baryny şaýat hökmünde beýan etdi.


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ