4 Eger Iýerusalime meniň gitmegim makul bilinse, olar maňa ýoldaş bolarlar.
4 Эгер Иерусалиме мениң гитмегим макул билинсе, олар маңа ёлдаш боларлар.
Häzir bolsa Hudaýyň halkyna hyzmat etmek üçin Iýerusalime barýaryn,
Baranymda bolsa, siziň kömegiňizi Iýerusalime aşyrjak adamlary özüňiz saýlarsyňyz. Men olary iberenimde, tanatma hatlaryny hem ýanlaryna goşaryn.
Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi.
Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.
Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar.