Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 16:2 - Mukaddes Kitap

2 Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мен яныңыза баранымда йыгнама зерурлыгы болмаз ялы, хериңиз хер хепдәниң биринҗи гүни өз ягдайына гөрә белли мукдарда пул сүйшүрип, янында сакласын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 16:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Yshak ol ýurtda ekin ekip, şol ýylda hem ýüz esse artyk bugdaý hasylyny aldy, çünki Reb ony ýalkapdy.


Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim.


Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde, Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?»


Men Seniň sadyk söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum.


Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.


Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp».


Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.


Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez.


Hepdäniň birinji güni ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar.


Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym:


Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ