Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 16:19 - Mukaddes Kitap

19 Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Азия велаятындакы йыгнаклар сизе догайы салам иберйәрлер. Акила, Прискилла ве оларың өйүндәки йыгнак хем сизе Ребде догайы салам иберйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 16:19
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi.


Ol sinagogada gaýduwsyzlyk bilen geplemäge başlady. Priskilla bilen Akila Apollonyň wagzyny eşidenlerinde, ony öz öýlerine çagyryp, oňa Hudaýyň ýoluny has doly düşündirip berdiler.


Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.


Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.


Filologa, Ýuliýa, Olimpa, Nereýe, onuň aýal doganyna we olaryň ýanyndaky Hudaý halkynyň baryna salam aýdyň.


Laodikiýadaky doganlara, Nimfa uýamyza we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň.


Priskilla, Akila we Onisiforyň öýündäkilere salam aýt.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ