Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 16:15 - Mukaddes Kitap

15 Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эй, доганлар, сиз Степанасың өй-ичерсини танаярсыңыз. Оларың Ахаяда илкинҗилериң хатарында Иса Месихе иман эдендиклерини, Худайың халкына җан-тенден хызмат эдйәндиклерини хем билйәнсиңиз. Шоңа гөрә-де, сизден шуны хайыш этмекчи:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 16:15
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Häzir bolsa Hudaýyň halkyna hyzmat etmek üçin Iýerusalime barýaryn,


Hawa, Ýahudyýadaky imansyzlaryň maňa zyýan ýetirmezligi üçin, Hudaýyň şol ýerdäki halky tarapyndan Iýerusalimdäki hyzmatymyň kabul edilmegi üçin Hudaýa doga-dileg ediň.


Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.


Olaryň öýünde ýygnanýan ýygnaga-da salam aýdyň. Eziz dostum Epenete hem salam aýdyň; ol Aziýa welaýatyndakylaryň arasynda ilkinji bolup Isa Mesihe iman etdi.


(Hawa, men Stepanasyň öý-içerisini hem suwa çümdüripdim. Ýene kimdir birini suwa çümdürip-çümdürmändigim ýadyma düşmeýär.)


Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.


Men Stepanas, Fortunat we Ahaýyk dagy gelende, örän begendim. Olar siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler.


Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar.


Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ