Eger sen doganyňy ynjydaýjak zady iýýän bolsaň, onda ony söýmedigiňdir. Iýýän tagamyň zerarly öz doganyňyň imanyny weýran etme, Isa Mesih onuň ugrunda öldi ahyryn.
Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:
Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.
Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.
Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.