Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 16:10 - Mukaddes Kitap

10 Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эгер яныңыза Тимотеос барса, онуң араңызда хич затдан горкман гезип билери ялы алада эдиң. Ол хем мен ялы Реббиң ишини эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 16:10
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi.


Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.


Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Şoňa görä-de, hiç kim Timoteosa äsgermezçilik etmesin. Ol meniň ýanyma dolanar ýaly, ony sag-aman ýola salyň. Men Timoteosyň doganlar bilen gaýdyp gelmegine garaşýaryn.


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ