Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 16:1 - Mukaddes Kitap

1 Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Инди болса Худайың йыгнакларына мадды пул көмегини бермек барада айтмакчы. Галатядакы йыгнаклара табшыранларымы сиз хем берҗай эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 16:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:


Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin.


Ýöne olar mätäçlik çekýän doganlary ýatdan çykarman, olara kömek etmegimizi haýyş etdiler. Men hem muny berjaý etmek üçin elimde baryny gaýgyrmadym.


Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ