7 Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.
7 Соңра Ол Якуба гөрүнди, соң ресулларың әхлисине гөрүнди.
Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar.
Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi.
Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi.
Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.