Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 15:57 - Mukaddes Kitap

57 Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

57 Йөне Худая мүң-де бир шүкүр! Ол Реббимиз Иса Месих аркалы бизе еңиш берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 15:57
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun.


Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!


At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.


Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi! Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ