Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.
Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.
Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.
Muňa garamazdan, Adam atadan başlap Musa çenli ýaşanlar Adam atanyňky ýaly günä etmeseler-de, ölüm olaryň üstünden höküm sürdi. Adam ata belli bir derejede özünden soň gelmeli Adamyň, ýagny Isa Mesihiň nusgasy boldy.