Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 15:52 - Mukaddes Kitap

52 Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

52 Бу иң соңкы сурнай чалнанда гөз-ачып юмасы салымда, бир пурсатда амала ашар. Сурнай чалнар, мерхумлар чүйремезек халда дирелдилер, биз хем өзгердилерис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 15:52
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler.


Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular.


Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.


Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar.


Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar.


«Siz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!»


«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň-de eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar.


Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler.


Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.


Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir.


Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz – diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Soňra men gökde uçup ýören bürgüdi gördüm. Onuň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýaňa ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý-waý-waý!»


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ