Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 15:45 - Mukaddes Kitap

45 Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Чүнки Мукаддес Язгыларда шейле язылгыдыр: «Илкинҗи адам – Адам ата җанлы барлык болды». Соңкы Адам болса яшайыш берйән Рух болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 15:45
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.


Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy.


Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.


Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.


Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi.


Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamyny direlder.


Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi.


Meniň bedenimi iýip, ganymy içen baky ýaşaýşa gowşar. Ahyrky gün Men ony direlderin.


Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar.


Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir.


Simun Petrus Oňa: «Agam, biz Seni terk edip, başga kime baraly? Baky ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn.


Siz Ýaşaýyş Gözbaşyny öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi. Biz muňa şaýatdyrys.


Çünki bir adamyň günäsi zerarly we şol adam arkaly ölüm höküm sürüp başlady. Emma Hudaýyň çäksiz merhemeti bilen aklanma peşgeşiniň bollugyny alanlaryň bary indi bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly baky ýaşaýyşda höküm sürerler.


Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Baky beden pany bedenden öň bolup bilmeýär. Tersine, ilki pany beden bolýar, soňra bolsa baky beden bolýar.


Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.


Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana öwrüldi-de, ondaky janly-jandaryň ählisi gyryldy.


Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ