Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 15:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол җайланып, Мукаддес Язгылара гөрә хем үчүленҗи гүн дийленде дирелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 15:4
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.


Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Iki günden soňra bizi direlder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.


Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.


Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi.


Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.


Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.


Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi.


Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýahudylardan gorkup, muny ýaşyryp ýören arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan düşürip almaga Pilatdan rugsat sorady. Pilat oňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan düşürip aldy.


Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.


Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ