Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 15:34 - Mukaddes Kitap

34 Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Акылыңыза айланың, гүнә этмеги бес эдиң. Сизиң араңызда Худайы танамаянлар хем бар. Мен муны сизи утандырмак үчин айдярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 15:34
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz, täze şerap üçin nalaň, ony içýänler, çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.


Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehimi inip, bizi halas eder» diýdi.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz.


Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi.


Aýal: «Ýok, Agam» diýdi. Isa: «Men hem seni höküm edemok. Bar, gidiber, mundan beýläk günä iş etme» diýdi.


Näme üçin Hudaýyň ölüleri direltmegini ynanyp bolmajak zat hasaplaýarsyňyz?


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Şonuň üçin-de, biri-biriňizi söýüp ýaşaň, häzir zamananyň nähilidigini bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadymyz gelip ýetdi, sebäbi biziň halas bolmaly pursadymyz Isa Mesihe iman eden wagtymyzdakydan has golaýlandyr.


Men bulary sizi utandyrmak üçin däl-de, size nesihat bolsun diýip ýazýaryn, sebäbi siz meniň eziz balalarym ahyryn!


Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy?


Emma bu bilim hemme adamlarda ýokdur. Käbir adamlar butparazlyk pikirlerinden saplanyp bilmän, bu gurbanlyk etini iýenlerinde, heniz-de buta sežde edýändir öýdýärler. Bu hem olaryň ejiz ynsabyny murdar edýär.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň;


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ