33 Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.
33 Алданмаң! Ярамаз яранлар ягшы хәсиетлини хем аздыряндыр.
Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.
Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».
Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.
Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.
Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn!
Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi?
Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,
Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.
Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.
Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler.
Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.
Köp adamlar olaryň azgynçylykly ýörelgelerine eýererler, şolar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler.
Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.