Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Korintoslylar 15:32 - Mukaddes Kitap

32 Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Эгер-де мениң делиллерим диңе ынсан делиллери болан болса, мен хей-де Эфесдәки вагшы хайванлар билен гөрешермидим? Мундан нәме пейда газанардым? Эгер мерхумлар дирелмейән болсалар, «гелиң, иелиң, ичелиң, эртир биз өлерис!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Korintoslylar 15:32
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen Hudaýa: „Günämiň Saňa näme dahyly bar? Günäsizlikden näme peýda gördüm?“ diýýärsiň.


Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär.


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar?


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn,


Eý, doganlar! Men gündelik durmuşdan bir mysal getireýin: ynsanlaryň özara ylalaşyp baglaşan ähtini hiç kim bozup-da, oňa zat goşup-da bilmeýär.


Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.


Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ